«Kitapsyz öý-otsuz ojak ýalydyr» atly okyjylaryň arasynda bäsleşik


«Kitapsyz öý-otsuz ojak ýalydyr» atly okyjylaryň arasynda bäsleşik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, bilim derejesini artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek, ruhy taýdan kämilleşdirmek maksady bilen her ýylda yglan edilýän paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Kitapsyz öý-otsuz ojak ýalydyr» atly bäsleşik geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz ýaşlarymyza döwletimiziň gelejegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip belleýär. Ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde kitaphanalaryň orny hem örän uludyr. Bu günki günde ýaşlarymyz kitaphanalara yzygiderli gatnap, öz bilimlerini artdyrýarlar. Özbaşdak bilim alyp, çeper edebiýatlar bilen hem gyzyklanýarlar. Döwlet kitaphanasynda geçirilen bäsleşikde ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň birnäçesi hem-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň birnäçesi baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşigimiziň ahyrynda ýeňiji bolan ýaşlarymyz bagtyýar ýaşlarymyzyň saýlap alan kärlerinde döredijilik ylhamlaryny, zehinlerini açyp görkezmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!