«Paýhas çeşmesi - edep mekdebi»
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda ýaşajyk okyjylaryň arasynda «Paýhas çeşmesi - edep mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň «Paýhas çeşmesi» atly kitabynyň many-mazmuny, kitapdaky nakyllardyr atalar sözleriniň ýaş nesilleri watançylyk, arassa ahlaklylyk, halallyk, dogruçyllyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de bu ajaýyp kitapda arassaçylyk barada ýazylan setirler çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.