Halyçylyk-öýdümleriň öwüşgüni
Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebi bilen bilelikde «Halyçylyk-öýdümleriň öwüşgüni» ady bilen baýramçylyk agşamyny geçirdi.
Baýramçylyk agşamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halyçylyk sungatyny ösdürmekde, onuň gadymdan gelýän inçe syrlaryny ýaş nesillerimize ýaýmakda uly işler alnyp barylýandygyny aýtdylar. Türkmeniň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysyna öwrülen halyçylyk sungatynyň örän gadymy sungatdygyny, öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny nygtadylar.
Baýramçylyk agşamynyň çäginden gelin-gyzlarymyza mahsus bolan haly dokamaklyga bolan höwesi artdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemala gelen «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly ajaýyp kitaplaryndan «Türkmen halysy-arşyň nepisligi» atly gurnalan kitap sergisine syn etdiler.
Baýramçylyk agşamynyň ahyrynda çärä gatnaşanlar asyrlaryň jümmüşinden şu günlerimize ýetip gelen gadymy sungatyň waspyny ýetirmekde uly mümkinçilikler döredýän we dünýä tanatmakda uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.