Bagtly çagalaryň arzuw edýän mekany
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Arkadag şäherindäki 9-njy çagalar bakja bagy bilen bilelikde guramagynda her ýylyň 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Bagtly çagalaryň arzuw edýän mekany» atly aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa, biziň iň esasy maksadymyz bolup durýar. Çagalaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň her birimiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, doly derejeli dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.