Ýaş nesiller - röwşen geljegimiz
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Arkaç» dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Ýaş nesiller - röwşen geljegimiz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleri çäksiz mähir, alada bilen gurşalýar. Her ýylyň iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi, çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny görkezýär diýip gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.