Çagalaryň şatlygy - dünýäniň abatlygy


Çagalaryň şatlygy - dünýäniň abatlygy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ertekiler dünýäsinde» Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalaryň şatlygy - dünýäniň abatlygy» ady bilen körpe nesilleriň arasynda gezelenç gurnaldy.

Çärede çykyş edenler her ýylyň iýun aýynyň 1-ne Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýändigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda, bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, ösüp gelýän nesilleriň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.