Çagalar ýylgyrsa – zemin ýylgyrýar


Çagalar ýylgyrsa – zemin ýylgyrýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy, 23-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalar ýylgyrsa - zemin ýylgyrýar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Gürrüňdeşlikde tomus paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda körpeje nesilleriň tomus paslynyň ilkinji günleri bolan bagtyýar çagalarymyzyň baýramy bilen başlanmagy, körpe nesilleriň şatlygyny has-da goşalandyrýandygy barada, şeýle-de çagalaryň parahat durmuşda ösüp-ulalmagy, sapaly dynç almagy, wagtlaryny gyzykly hem manyly geçirmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Kitaphana hünärmenleri ýaşajyk körpe nesilleriň arasynda «Türkmen halk ertekileri» atly kitabyny okap berdiler we sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa oňa gatnaşan çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.