Arkadagyň paýhasyndan sarpalanýan Pyragy


Arkadagyň paýhasyndan sarpalanýan Pyragy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Arkadagyň paýhasyndan sarpalanýan Pyragy» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.

At-abraýy dünýä dolan beýik akyldar Magtymguly Pyragy hakynda näçe ajaýyp sözler aýtsaň hem bärden gaýdýar. Magtymguly Pyragy diňe öz döwrüniň däl, eýsem, türkmen milletiniň ähli eýýamlary we döwürleri üçin ruhy atasy hökmünde ýaradylan beýik şahsyýetdir. Ençeme asyrlap arzuwlanan-islenen öz döwründe akyldar, häzirki döwürde, baýdak-nusga edilinip göterilýän at-abraýy unudylmajak akyldar şahyrdyr. Onuň baý döredijilik dünýäsi ähli okyjylar we adamzat köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.

Çäräniň ahyrynda akyldar şahyrda goýulýan çäksiz hormat üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.