Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň we üstünligiň girewidir


Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň we üstünligiň girewidir

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli «Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň we üstünligiň girewidir» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni her ýyl uly dabaralara beslenýär.

Çäräniň dowamynda halkymyzyň jan saglygy, bedenterbiýäniň we sportuň dowamly ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.