Dünýämiziň bezegi siz, çagalar


Dünýämiziň bezegi siz, çagalar

Ýaňy-ýakynda «Mekan köşgünde» çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine dynç almaga ugratmak mynasybetli baýramçylyk dabarasy gurnaldy. Bu dabara Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy «Dünýämiziň bezegi siz, çagalar» ady bilen göçme kitap sergisi gurnady.

Bu gurnalan sergide hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan ajaýyp kitaplary çagalaryň söýgüli ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri we türkmen halk ertekilerine degişli kitaplar ýerleşdirildi.

Çäräniň dowamynda göçme kitap sergide ýerleşdirilen kitaplar esasynda sorag-jogap alşyldy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.