Söz mülküniň göwher-gaşy, Magtymguly Pyragy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda «Söz mülküniň göwher-gaşy, Magtymguly Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, üstünden üç asyr geçse-de, döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň zehinine goýulýan belent hormatyň hem-de söýgüniň beýanydygy barada söhbet etdiler. Şeýle-de şahyryň köňül kelamy bolan ajaýyp şygyrlary dünýäniň dürli dillerinde terjime edilip, älem-jahana ýaň salýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.