«Daşkent» dynç alyş seýilgähine gezelenç


«Daşkent» dynç alyş seýilgähine gezelenç

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşen «Daşkent» seýilgähine gezelenç guradylar. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. Bu ýerde biz çagalary gyzyklandyraýjak özbek ertekilerinde we türkmen halk ertekilerinden ybarat bolan kitaplardan sergi gurnaldy. «Daşkent» seýilgähinde başga-da kafe, restoran, aýdym-sazly çäreleri geçirmek üçin sahna, çagalaryň oňaýly dynç almagy üçin birnäçe oýun meýdanlarynyň bolmagy göwnüňi galkyndyrýar. Başga-da bu seýilgähde Özbegistanyň simboly bolan nakgaşlyk şekilinde gap-gaçlarynyň heýkeli seýilgähiň görküne görk goşýar. Bu seýilgähiň gözelligi çagalarda uly tasir galdyrdy.

Dost-doganlyga uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbol aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun.