Magtymguly Pyragy halkyň ruhy mertebesi


Magtymguly Pyragy halkyň ruhy mertebesi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi tarapyndan «Magtymguly Pyragy halkyň ruhy mertebesi»-atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli alnyp barylýan işler barada, şeýle-de ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi: «Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar» diýip giňişleýin gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň çäginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly» atly täze çapdan çykan kitabyndan goşgylaryny labyzly aýdyp berdiler. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy barada şol ýerdäki dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli, olaryň taryhy barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.