Söz ussady Pyragy - halkyň öçmez çyragy


Söz ussady Pyragy - halkyň öçmez çyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň dogulan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Söz ussady Pyragy-halkyň öçmez çyragy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar danasy Magtymguly Pyragy türkmeni dünýä tanadan beýik şahyrydygyny belläp, onuň geçmişden geljege ýol salan edebi mirasynyň çuň many-mazmunyny, gadyr-gymmatyny wagyz etmek, türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň esasyny düzýän ýagşy görüm göreldäni, nusgalyk edim-gylymlary ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek her bir ynsanyň borjy bolup durýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.