Magtymgulynyň eserleri – eýýamlara şamçyrag


Magtymgulynyň eserleri – eýýamlara şamçyrag

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymgulynyň eserleri – eýýamlara şamçyrag» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Magtymguly Pyragy öz Watanyny, türkmeniň ajaýyp topragyny çyn ýürekden söýen şahyrdygyny, onuň Watan mukaddesligi, gymmaty hakyndaky pikirleri birnäçe goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde akyldar şahyryň arzuwlan zamanasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen paýhasynyň, edebiýatynyň, söz sungatynyň baýramyna öwrülendigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.