Arkadagyň yhlasyndan sarpalanan Pyragy


Arkadagyň yhlasyndan sarpalanan Pyragy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Arkadagyň yhlasyndan sarpalanan Pyragy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryhda ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýulýar. Türkmeniň beýik akyldary, şygyr sungatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy hem şol beýik şahsyýetleriň hataryndaky umumadamzat şahyrydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Onuň adamzat kalbynda söýgi, mähir, ýaşaýşa bolan ynam döredip bilýän ajaýyp eserleri düýnki, şu günki we geljekki nesiller üçin uly terbiýeçilik mekdebidir. Türkmeniň kalbynyň owazyny ene dilinde ýugrup, halka bagyş eden, türkmen halkyny bütewilige, agzybirlige çagyran beýik Pyragydyr. Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak işleri giňden alnyp barylýar.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.