Ylym-ösüşleriň binýady


Ylym-ösüşleriň binýady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym-ösüşleriň binýady» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ylym röwşen geljegiň çyragy, ösüşleriň binýadydygyny belläp, ýurdumyzda göz öňünde tutulýan ägirt uly özgertmeleriň ýeterlik derejede, düýpli ylmy esasynyň döredilýändigi, ylmyň we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça hem uly işleriň ýola goýulýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de alymlara, bilim işgärlerine ylmyň dürli ugurlaryny ösdürmäge, ylym-bilimi özleşdirmäge giň mümkinçilikleriň döredilendigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ylymy-bilimi ösdürmäge aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.