Dünýämiziň bezegi siz, çagalar!


Dünýämiziň bezegi siz, çagalar!

Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda «Dünýämiziň bezegi siz, çagalar!» atly çäre Balkanabat şäheriniň 23-nji çagalar bagynda geçirildi.

Çärede çagalar bagynda terbiýelenýän çagalar gatnaşdylar. Çagalaryň ýerine ýetiren tanslary şowhun bilen garşylanyp, joşgunly ýerine ýetiren goşgudyr, aýdym-sazlary belentden ýaňlandy. Kitaphana işgärleriniň ertekilerden gurnan sergileri körpejelerde uly täsir galdyrdy.

Çärämiziň soňynda durmuşymyzyň gymmatly we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.