Dogdy asmanyň zöhresi, çyn aşyga döwran bu gün
Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda, Daşoguz şäheriniň merkezi şäher kitaphanasy, «Bagtyýar nesil» sagaldyş we dynç alyş merkezi bilen bilelikde «Dogdy asmanyň zöhresi, çyn aşyga döwran bu gün» ady bilen edebiýat agşamyny geçirdi.
Edebiýat agşamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsiniň giňden öwrenilýändigi, goşgularyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda nygtap geçdiler.
Edebiýat agşamyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmekde, ýaş-nesillerimiziň arasynda wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyz nusgalyk görelde bolup durýandygyny belläp geçdiler.
Edebiýat agşamynyň çäginde akyldar şahyrymyza bagyşlanan «Magtymguly Pyragy-dünýä danasy» atly gurnalan kitap sergisine syn etdiler.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.