Magtymgulynyň şygryýetinde tebigat suratkeşligi


Magtymgulynyň şygryýetinde tebigat suratkeşligi

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde «Nebitçi» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda akyldar şahyrymyzyň köp ugurly döredijilik dünýäsini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Magtymgulynyň şygryýetinde tebigat suratkeşligi» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda tebigatyň waspy barada täsirli gürrüňler edildi. Surat çekmegi halaýan gyzjagazlar hem oglanjyklar Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini suratlandyrmak esasynda bäsleşdiler. Ýeňijilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.