Akyldar şahyryň belent sarpasy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Akyldar şahyryň belent sarpasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň akyldarynyň edebi mirasynyň her jümlesi dünýä malyndan zyýat görünýän, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlarynyň ýaş nesillerimize ýol-ýörelge görkeziji mekdep bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de dana şahyrmyzyň şygyrlary diňe bir ata-Watanymyzda däl, eýsem dost-doganlyk döwletleriniň-de dürli dillerinde neşir edilýändigi barada beýan etdiler. Gürrüňdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymyň «Berk binýatly bilim» gepleşiginde ýazgy edildi.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň akyldar şahyryna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler