Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ruhy baýlygymyzdyr


Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ruhy baýlygymyzdyr

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ruhy baýlygymyzdyr» atly halypa şahyrlar, ýazyjylar bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkymyzyň milli medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň gymmatlygyny pelsepewi pikirlerde jemleýär. Şonuň üçin hem akyldaryň eserlerini milli medeniýetimiziň özeni hasaplaýarys, bu pikirleri, parasatly sözleri ýaş nesillere wagyz edýäris. Akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasy bolan häzirki döwrümizde milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Bu gün türkmen halky parahatçylygyň hözirini görüp, asuda durmuşda ýaşaýar. Munuň özi Magtymguly Pyragy ýaly dünýä belli akyldarlarymyzyň pikirleriniň hasyl bolandygynyň aýdyň beýanydyr.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyna şeýle bagty we ajaýyp zamanany peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!