Medeniýet we sungat-Watanmyzyň egsilmez ruhy baýlygy


Medeniýet we sungat-Watanmyzyň egsilmez ruhy baýlygy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň, guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet we sungat-Watanmyzyň egsilmez ruhy baýlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Medeniýet jemgyýetiň jebisleşdiriji we ruhlandyryjy güýji bolup, halkyň asyrlar boýy nesilden-nesle geçip gelen pähim-paýhasa, milli ýörelgelere ýugrulan medeni mirasy, dürdäne pikirleri, öwüt-ündewleri milletiň ruhy dünýäsini kemala getirýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem Medeniýet ruhubelentligiň, ahlak arassalygynyň, kämilligiň bahasyna ýetip bolmajak hazynasy bolup durýandygy, Milli medeniýetimiz ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz bilen berk baglanşyklydygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi ýaş nesillerimiziň arasynda wagyz etmekde, olarda milli ruhuň kemala gelmeginde uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.