Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy–türkmen halkynyň ruhy hazynasy


Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy–türkmen halkynyň ruhy hazynasy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de «Miras» teleýaýlymynyň «Medeni miras» atly gepleşiginiň döredijilik topary bilelikde ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda kanunyň kabul edilmegi mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy–türkmen halkynyň ruhy hazynasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanaçylar Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler. Ýurdymyzda Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez eserlerini goramak, aýawly saklamak we Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek babatda alnyp barylýan beýik işler barada buýsanç bilen nygtadylar.

Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi, olaryň milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelenmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.