Gurban baýramy–ruhy tämizligiň baýramy
Arkadag şäher Medeniýet müdirliginiň we Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Gurban baýramy–ruhy tämizligiň baýramy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Gurban baýramy türkmen halkynyň ýokary ruhy–ahlak gymmatlyklary, däp dessurlary, ynanç-adatlary, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylyp hem-de kämilleşdirilip gelinýän ajaýyp baýramlaryň biridir.
Gurban baýramynda saçaklarymyz giňden ýazylyp dürli nygmatlar taýýarlanylýar. Watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, paýhaslylygy nusga edinen, halallyga, päklige, dogruçyllyga eýerýän halkymyzyň baý hem-de gadymy mirasy bütin adamzadyň baýlygydyr. Şanly geçmişimiz we medeni-ruhy mirasymyz umumadamzat taryhynyň we medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gurban baýramynda Türkmen halky gapysyny giňden açyp bol saçak ýazýar, bir-birine myhman baryp, goňşulara tagam hödürleýärler. Bu baýramda täze-egin eşikleri geýmek, halkymyzyň milli mirasy iň asylly häsiýetleriniň biri bolup durýar. Mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan we döreden ruhy hem-de maddy gymmatlyklary, durmuş gatnaşyklary düzgünleşdirýän ýörelgeleri, asylly maşgala däplere, uly hormat goýmak, ata-enäni sylamak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, adalatly bolmak ýaly ýörelgeleri, milli terbiýäniň esasyny düzýär.
Söhbetdeşlige gatnaşan myhmanlar we bagtyýar ýaş nesiller öz ýürek joşgunly goşgularyny aýtdylar. Milli baýramçylyklarymyzy giňden bellemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw edip, ýagşy dilegler edildi.