Gurban baýramy - Ynsanperwerligiň we dost-doganlygyň baýramy


Gurban baýramy - Ynsanperwerligiň we dost-doganlygyň baýramy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli mirasymyzy giňden öwrenmäge, milli baýramçylyklarymyzy uludan bellemäge döredilýän ähli mümkinçiliklerden ruhlanyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli «Ynsanperwerligiň we dost-doganlygyň baýramy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Gurban baýramymyzyň halkymyz tarapyndan ajaýyp däp-dessurlarymyza, adatlarymyza laýyklykda Gurbanlyk sadakalary berlip, bereketli saçaklar giňden ýazylýandygy, il-ýurt abadançylygy üçin ýagşy doga-dilegler edilýändigi, döwlet derejesinde giňden bellenilýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylygyň öň ýanynda şäherlerimizdir, obalarymyz toý lybasyna beslenip, abadanlaşdyrylýandygy barada hem aýratyn nygtaldy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», şeýle-de «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynda türkmen halkymyzyň baý hem-de köpasyrlyk taryhyna goýulýan hormat-sarpanyň belentdigi barada täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli ruhy mirasymyza çäksiz hormat goýýan hem-de Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.