Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde edep-terbiýe


Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde edep-terbiýe

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde edep-terbiýe» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Köpetdagyň beýik gerişleriniň eteginde Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärlik heýkeliniň goýulmagy, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy türkmen halkynyň paýhasly söze, beýik akyldara uly hormat goýýandygyny ýene bir gezek äşgär edendigini söhbetdeşligiň başynda beýan edildi.

Şahyryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýet hökmünde dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini söhbetdeşlige gatnaşýan işgärler arzuw etdiler.