KITAP HEPDELIGI


KITAP HEPDELIGI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde «Nebitçi» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Kitap - ruhy baýlyk» ady bilen kitap hepdeligini geçirdi.

Kitaphana hünärmenimiz Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine «Her bir kitap meni adamkärçiligiň belentliklerine galdyrýan, durmuşa düşünmegime ýardam edýän güýç bolup görünýär» diýen sözleri bilen başlap, çagalara elmydama kitap bilen dostlaşmalydygyny, kitap adamzadyň dünýägaraýşyny giňeldýändigini, kitap diýlende çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmeli däldigini aýdyp geçdi. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatlaryň uly orny bolmalydygyny, kitap çagalaryň sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär diýip belläp geçdi. Kitaphanamyz tarapyndan çeper eserlere bagyşlanyp gurnalan bir hepdelik kitap sergisi hem çagalarada uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.