Medeniýet - halklary ýakynlaşdyrýan gymmatlykdyr


Medeniýet - halklary ýakynlaşdyrýan gymmatlykdyr

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni» mynasybetli «Medeniýet - halklary ýakynlaşdyrýan gymmatlykdyr» ady bilen kitap sergisi gurnaldy.

Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary bilen birlikde türkmen medeniýetine we sungatyna degişli kitaplar hem-de türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleri sergilendi. Bu guralan kitap sergisi kitaphana gelýän ähli okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe Pyragynyň arzuwlan zamanasynda zähmet çekmäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.