Şygryýet bossanynyň paýhas çemeni–Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Patent-tehniki edebiýatlar hem-de Ylmy-habar beriş we sowal-jogap bölümi bilen bilelikde «Şygryýet bossanynyň paýhas çemeni–Magtymguly Pyragy» ady bilen täze gelen kitaplara syn geçirildi.
Pähim-paýhasa eýlenen şahyrana döredijiligi bilen türkmen halkynyň hakydasynda parlak ýyldyz bolup lowurdaýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy haýsy babatda alnanda-da bahasyz gymmatlykdygyny, onuň çeper sözi täsirleýji güýje eýläp ýüreklere ýetirmekdäki mekdeplik ýolunyň bardygyny, ussadyň diňe halk döredijiligini, nakyllary we beýlekileri peýdalanyşy, olaryň halkyň sözleýiş diline siňip gidişi barada geçen asyryň tutuş dowamynda ýazylan onlarça ylmy işlerden çen tutanyňda, Magtymguly Pyragynyň dünýäsiniň näderejede köpöwüşgünli we köp taraplydygyndan habar berýär.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny öwreniji alymlaryň bellemegine görä, «Onuň şygyrlaryndaky täsinlik, onuň gözleglerindäki kämillik bilen birleşip, bir bitewi nokady-merkezi emele getirýär». Çünki şahyryň döredijilik aýratynlygy hem onuň şygyr dünýäsinde pikir giňişligini açýanlygy bilen ölçelýär. Şeýlelikde, onuň döredijiligine ýüzlenen halatyň, ruhy dünýäňde täze bir basgançaklar açylýar-da, arşy duýgular emele gelýär. Akyldar şahyryň döredijiligi şol sebäpli-de gyzykly, syrly hem-de umumadamzat ähmiýetlidir.
Şeýle ajaýyp döwürde gyzykly, syrly, şygyr ummanyna girip täze-täze açyşlary etmekde, medeniýetimize, sungatymyza uly hormat, sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.