Medeniýet hepdeligi – ylhamyň hem dost-doganlygyň baýramy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet hepdeligi – ylhamyň hem dost-doganlygyň baýramy» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetimiz we sungatymyz gün-günden pajarlap, belent derejelere ýetýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyz «Her bir halk dünýäde öz medeniýeti we sungaty bilen tanalýar» diýip belläp geçişi ýaly döwletleriň we halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň berkemegine, medeniýet we sungat işgärleriniň giňden tejribe alyşmagyna uly ýardam berýändigi barada aýratyn bellediler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli birnäçe şirin aýdymlar ýerine ýetirildi.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.