Ýüregimiz käte näme isleýär?


Ýüregimiz käte näme isleýär?



Wirtual dünýäniň ähli güýmenjelerinden daşlaşyp, käte tebigata çykyp guşlaryň sesini, uzakdan eşidilýän owlak-guzularyň mäleýşini, çeşmeleriň şildiräp akyşyny eşidesiňiz gelýärmi? Bir pursatlyk elleriňizdäki mobil telefonlary taşlap, onuň deregine köpden bäri okamagy arzuw edip ýören kitabyňyzy alyp, gözleriňizi telewizoryň we kompýuteriň şöhlesinden aýryp, tebigatdaky ajaýyp reňkleriň sazlaşygyna bakasyňyz gelýärmi?

Hawa, tehnologiýanyň durmuşymyza bildirgisizden ornaşmagy bilen bir döwürler ynsan üçin adaty bolan kitap okamak, tebigatda gezim etmek, wagtyň köpüsini dostlaryň bilen geçirmek, çagalaryň gyzykly gürrüňlerine diň salmak, geçen günleriňi ýatlaşyp oturmak, çaý başynda günüň dowamynda edilen we ediljek işleri maslahatlaşmak... ýaly endiklerimiz indi biziň üçin wagtyň ýetmezçiligi bahana edilip kem-kemden daşlaşylyp barýan zatlara öwrüldi. Elbetde, tehnologiýa işimizi ýeňilleşdirýär, wagtymyzy tygşytlaýar — muňa söz ýok. Emma şol tygşytlanan wagty bolsa, ol ýene-de özünde, ýagny wirtual dünýäde sarp etdirýär. Aýratyn hem, kitap okamak häzirki wagtda köpler üçin mobil aragatnaşygyň ýok ýeriniň gürrüňi bolup barýar.

Aslynda, kitap okamak endiginiň ynsana bagyşlaýan ukyp-başarnyklaryny hiç bir tehnologik ösüş hem onuň aňyna ornaşdyryp bilmeýär. Wakalary seljermek, hyýal güýjümizi ösdürmek, söz baýlygymyzy artdyrmak, ýatkeşligimizi güýçlendirmek, duýgularymyza erk edip, anyk netijä gelmek, erkin pikirlenmek... ýaly ençeme gymmatly ruhy-ahlak üstünlikler diňe we diňe kitap okamak endiginiň ynsana peşgeş berip biljek başarnyklarydyr.