MEDENIÝET–HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI


MEDENIÝET–HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Herrikgala, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet–halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi» ady bilen Täze zaman medeniýet öýünde aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowam edýän günlerinde milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylýanlygy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň alymlar, edebiýatçylar tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilýändigini bellediler. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.