MEDENIÝET DOST-DOGANLYGYŇ KÖPRÜSI
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet dost-doganlygyň köprüsi» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli medeniýetimiz, sungatymyz we olaryň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Ýurdumyzda medeniýet we sungat ussatlarymyza goýulýan hormat-sarpa barada hem aýratyn nygtaldy. Şeýle-de hünärmenlerimiz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýaş nesli milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada buýsanç bilen aýtdylar. Gurnalan kitap sergisi aýratyn täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly ajaýyp eserleri hem-de beýleki neşirler ýerleşdirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesillere milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.