MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI


MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda «Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi» atly kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap «Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide esasanam Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine degişli bolan kitaplar öz beýany tapdy. Mundan başgada ösüp gelýän ýaş nesillerde kitaba bolan höwesini döretmekde, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda serginiň ähmiýeti örän ulydyr.

Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.