MILLI MEDENIÝETIM, MILLI SUNGATYM


MILLI MEDENIÝETIM, MILLI SUNGATYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetim, milli sungatym» ady bilen aýdym–sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen medeniýetimiziň we sungatymyzyň gün saýyn gülläp ösýändigini, dürli medeni çäreleriň, ylmy maslahatlaryň ýokary derejede üstünliklere beslenýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de ýylyň-ýylyna barha dabaralandyrylýan Medeniýet hepdeliginde türkmen medeniýetiniň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş bolup, dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygy barada belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlar ýaňlandy.

Söhbetdeşligiň ahrynda gadymdan gelýän milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.