EZIZ WATAN-ARKADAGLY SERDARLY, BERKARAR DÖWLETIŇ GELDI PYRAGY!
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Eziz Watan-Arkadagly Serdarly, Berkarar döwletiň geldi Pyragy!» atly edebiýatşynaslaryň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmäge giň ýol açyldy.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar esasanam «Arkadag şäheri-geljegiň şäheri» atly ajaýyp kitap hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.