Aýdym-saz ruhy baýlygymyz
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen guramagynda «Aýdym-saz ruhy baýlygymyz» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň milli saz sungaty barada söhbet edilende, saz çalyp, aýdym aýtmak türkmeniň hemişe ruhuny göteripdir. Hatda halkymyzyň özleriniň ajaýyp, jadyly sungaty bilen dürli halklarynyň wekilleriniň hem göwünlerini awlap bilipdirler. Aýdym-saz - döredijiligiň ajaýyp bir aýratynlygydyr, ol ynsanyň tutuş ömrüniň hemrasydyr. Geçmişde göwni ýaz ýaly şahandaz halkymyz, paýhasly ata-babalarymyz bu sungaty özleriniň hemişelik hemrasyna öwrüpdirler, aýdym-saz sungatynyň mizemejek ýollaryny kemala getiripdirler. Türkmen aýdym-saz sungatyny arşa galdyran ussat bagşydyr meşhur sazandalarymyz kalplarda müdimi ýaňlanjak aýdym-sazlary döredipdirler we biziň günlerimize sünnäläp getiripdirler. Türkmen sazlary ajaýyp mukam bolup, ynsan kalbyna joşgun berýär.
Çäräniň ahyrynda aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.