TÜRKMEN RUHUNYŇ TÄJI, MAGTYMGULY PYRAGY


TÜRKMEN RUHUNYŇ TÄJI, MAGTYMGULY PYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmen ruhunyň täji, Magtymguly Pyragy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyryň belent sarpaly ady bilen «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň danasy, söz sungatynyň zergäri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejesinde bellenilýändigini, bu günki günde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhda yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň döredijiligini öwrenmäge, edebi mirasymyzy wagyz etmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi hakynda söhbet etdiler.

Akyldar şahyrymyzyň ynsanperwerlige, watansöýüjilige, mertlige, päk ahlaklylyga, bagtyýar ýaşaýşa, gözellige, agzybirlige çagyrýan her bir setiri pähim-paýhasa ýugrulmak bilen ynsanyň kalbyny heýjana salýar.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.