MEDENIÝETIŇ TOÝUNDA, SAÝRA, ŞAHYR, JOŞ BAGŞY


MEDENIÝETIŇ TOÝUNDA, SAÝRA, ŞAHYR, JOŞ BAGŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň toýunda, saýra, şahyr, joş bagşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet günleri her bir halkyň medeni mirasynyň köpasyrlyk däpleriniň bitewiligini öz içine almak bilen, ol hemişelik gymmatlyklaryň berk binýady bolup, birek-birege hormat goýmagyň hem-de parahatçylygyň we hoşniýetliligiň maksatlarynyň esasynda halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda milli medeniýetimiziň ösmegine şunuň ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.