MILLI MEDENIÝETIŇ GÜLLÄN ZAMANY, PYRAGYNYŇ ARZUWLAN AJAP EÝÝAMY


MILLI MEDENIÝETIŇ GÜLLÄN ZAMANY, PYRAGYNYŇ ARZUWLAN AJAP EÝÝAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Aşgabat şäher medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetiň güllän zamany, Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň has-da kämilleşdirmek maksady bilen, halkara derejesindäki festiwallar, doganlyk ýurtlarda Türkmenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi, sergileriň gurnalmagy, maslahatlar we beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilip durulmagy, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä tanalmagyna uly ýardam edýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Baýramçylyk çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren birnäçe aýdym-sazlary baýramçylygyň şowhununy has-da artdyrdy.

Baýramçylyk çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmaga, gadymy hem müdimi mirasymyzy çuňňur öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.