MEDENIÝET MILLETIŇ RUHY BINÝADY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrap kitaphana şahamçasynyň bilelikde guramagynda «Medeniýet milletiň ruhy binýady» atly söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewiligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli mirasyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, bu ugurda halkara derejede amala aşyrylýan tagallalara döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.
Çäräniň ahyrynda medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.