KITAPHANALARYŇ YLMY WE USULYÝET ÇÄRELERINI DÖWREBAP ÝOLA GOÝMAGYŇ HEM-DE KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY


KITAPHANALARYŇ YLMY WE USULYÝET ÇÄRELERINI DÖWREBAP ÝOLA GOÝMAGYŇ HEM-DE KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY

Arkadag şäherinde geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary» atly ýurdumyzyň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda maslahaty we neşir önümleriniň sergisi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Arkadag şäherinde medeniýet hepdeliginiň dabarasy uly toý baýramçylyk şatlygyna beslenip, geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirilen maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň direktory Aýlar Nurmämmedowa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän döwlet ähmiýetli kitaplary halkymyz hem-de dünýä jemgyýetçiligi üçin gollanma bolup hyzmat edýänligi barasynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary türkmen halkymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň ýankitabyna öwrülenligi barasynda täsirli çykyş etdi. Türkmenistanyň Medeniýet müdirligi tarapyndan neşir edilen «Türkmen keçesi» atly täze kitaby tanyşdyrdy.

Maslahatyň dowamynda Halkara derejesindäki kitaphanalaryň direktorlary onlaýn arkaly gutlag çykyşyny etdiler. Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de medeniýet we sungat işgärlerini, bütin türkmen halkyny medeniýet hepdeligi, bilen hem-de beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen, gutladylar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen myhmanlar hem-de kitaphana ýolbaşçylary kitaphana işini guramak, hem-de kämilleşdirmek, kitaphana işinde sanly tehnologiýanyň mümkinçilikleri, bagtyýar kitaphanalaryň döwrebap ösüşi barasynda söhbet etdiler.

Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürip, kemala getiren medeniýetiniň, milli däp-dessurlarynyň geljek nesillere dowamat dowam bolmagynda kitaphanalaryň, kitaplaryň örän uly ähmiýeti barada giňişleýin täsirli gürrüň etdiler. Türkmenistanyň Medeniýet müdirligi tarapyndan neşir edilen «Türkmen keçesi» atly täze kitaby tanyşdyrdylar.

Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy sarpalap, olaryň mertebesini belende tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.