MILLI MEDENIÝETIŇ GÜLLEÝÄN ZAMANASY


MILLI MEDENIÝETIŇ GÜLLEÝÄN ZAMANASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetiň gülleýän zamanasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetmiz we sungatymyz köpöwüşginli häsiýete eýe bolup, ol milli sungatymyzyň ähli görnüşlerini opera we aýdym-saz, kino, teatr, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň özboluşly keşbini şöhlelendirýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň dünýä binagärliginde täze sahypany açan, ak arzuwlaryň mekanyna öwrülen Arkadag şäheriniň bir ýyllygy bilen utgaşykly gelmegi kalplarda söýgi döredip, halkymyzyň döredijilik dünýäsine has içgin aralaşmagyna badalga berýändigi, çünki täze şäher häzirki zaman medeniýetiniň gülleýän mekanydygy barada belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda baýramçylyk mynasybetli medeniýet we döredijilik işgärleriniň döreden eserlerinden çeper okaldy. Bu bolsa söhbetdeşlige gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini täze belentliklere çykarmakda giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.