MEDENIÝET–MILLETIŇ MERTEBE TUGY


MEDENIÝET–MILLETIŇ MERTEBE TUGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Türkmengaz» döwlet konseriniň Medeni-işewürlik merkeziniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet–milletiň mertebe tugy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň medeniýet günleriniň, geçirilmegi ilkinji nobatda medeniýet, sungat ussatlarynyň birek-biregiň medeniýeti, sungaty bilen ýakyndan tanyşmaklaryna oňyn şertler döredilmegi, her bir halkyň medeniýeti, sungaty şol halkyň ruhy derejesini açyp görkezýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenmeginiň aňyrsynda uly sazlaşygyň, manysynyň bardygyny, şahyryň nesilden-nesle geçip biziň günlerimize ýeten ajaýyp döredijiligi bilen dünýäni haýran galdyrýandygy türkmeni dünýä tanadan beýik danadygyny belläp, geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.