ÇEPER EDEBIÝAT–SÖZ SUNGATY


ÇEPER EDEBIÝAT–SÖZ SUNGATY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Şol mynasybetli hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümde «Çeper edebiýat–söz sungaty» atly kitap sergisi gurnaldy. Bölümiň okalga zalynda gurnalan sergide çeper eserleriň birnäçesi ýerleşdirildi we söz sungaty barada gürrüň edildi. Şeýle-de bölümde öňden bar bolan çeper edebiýatlaryň üstüne täze gelen çeper eserler sergi arkaly okyjy köpçüligine ýetirildi we tanyşdyryldy.

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Biziň halkymyz edebiýatyň-da, ýazyjy-şahyrlaryň-da gadyryny gowy bilýär. Şonuň üçin hem milletimiz öz ýüregine ýakyn, eý gören eserlerini müňlerçe ýyllaryň dowamynda aňyndan çykarman, aýap saklap gelipdir. Oňa terbiýeçilik mekdebi hökmünde garapdyr» diýip belleýşi ýaly sergimiziň üsti bilen bölüme täze gelen çeper eserler barada okyjylara wagyz edildi. Ösüp gelýän ýaş nesillerde kitaba bolan höwesini döretmekde ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak babatda uly aladalar edilýär.

Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.