TÜRKMEN HALK ERTEKILERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda tomusky dynç alyş günlerini gyzykly geçirýän ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde «Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri çagalara ertekileriň birnäçesini okap berdiler. Dürli ertekili kitaplar, gurjaklar esasynda gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Ýaşajyk okyjylarymyz gurjaklar esasynda ertekileri sahnalaşdyryp, gyzykly wagt geçirdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.