ÝAŞ NESILLERIŇ ARASYNDA ÇAGALAR EDEBIÝATYNY WAGYZ ETMEK
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Garajaoglan» seýilgähinde öz körpeje okyjylary bilen çagalar edebiýatyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagajyklar bilen täsirli gürrüňdeşlik boldy. Çagalar türkmen halk ertekileri, olaryň gahrymanlary esasynda sorag-jogap alyşdylar. Tapmaçalary, matallary çözmek boýunça özara bäsleşdiler. Ýeňijilere kitap sowgatlary gowşuryldy. Bagtyýar körpejeler ajaýyp zamanamyzy, bagtly çagalygy wasp edýän goşgulary hem labyzly aýdyp berdiler. Çagalar edebiýatyna degişli kitaplar esasynda gurnalan göçme sergi aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwürmek üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.