ARZUWLARYŇ AK ŞÄHERI


ARZUWLARYŇ AK ŞÄHERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Arzuwlaryň ak şäheri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde eziz Watanmyzyň ýüregi gözel Aşgabadyň mähriban ady her bir türkmeniň kalbyna ajaýyp mukam bolup dolýandygy, Keşbine kämillik, päkizelik, ýaşlygyň hem-de ýaşaýşyň hyjuwy siňen paýtagtymyz bu günki gün dünýäniň iň bir ösen, ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hataryna girendigi, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabatda durmuşa geçirilen köptaraplaýyn şähergurluşyk binagärlik maksatnamalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan «Magtymguly» atly kitapdan birnäçe goşgular çeper okaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.