GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY-HALKYŇ RUHY HAZYNASY


GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY-HALKYŇ RUHY HAZYNASY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary-halkyň ruhy hazynasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Sebäbi, kitap- kämilligiň gözbaşy. Ynha, bugünki gün Gahryman Arkadagymyz özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtory hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eseri, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip giň ykrarnama eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýazýan kitaplary bilen halkymyza aýratyn hem biz ýaşlara egsilmez şatlyk paýlaýar. Çünki ol eserlerde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýgi bar. Şonuň üçin olar ýaşlarymyzyň iň bir söýüp okaýan eserleri, kitap hazynasynyň bezegidir. Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýup, olara bagyşlap ençeme eserleri döretdi .Ol eserler okyjylaryň, aýratyn hem, ýaş okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Çuň manyly çykyşlardan soň, çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.